JEMGYÝET

Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Halkara Zähmet Guramasynyň halkara bilermeni Manuel Rokso Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynda ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri bilen duşuşyk geçirdi.

HZG-niň halkara bilermeniniň iş saparynyň maksady Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Adalatçynyň edarasynyň-da raýatlaryň zähmet hukuklary bilen baglanyşykly ýüzlenmelerine garamak mümkinçiliklerine baha bermek boldy. Duşuşygyň barşynda «Türkmenistanyň hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky 2024-2025-nji ýyllar üçin çäreler Ýol kartasynda» göz öňünde tutulan işleri durmuşa geçirmek meseleleri, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary we olary ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar halkara zähmet standartlary we Türkmenistanyň Zähmet kanunçylygy, raýatlaryň zähmet hukuklary boýunça şikaýatlaryna garalanda, Adalatçynyň edarasynyň wezipesi we işi barada pikir alyşdylar.Duşuşyklarda Türkmenistanyň HZG bilen barha artýan hyzmatdaşlygy we tejribe hem öňdebaryjy amallar alyş-çalşygy, ilatyň adam hukuklary baradaky sowadyny artdyrmak boýunça aň-bilim işleriniň ýola goýluşy ýaly ikitaraplaýyn hereketi işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellenip geçildi. Gepleşikleriň ahyrynda mundan beýläk-de adam hukuklarynyň goragy we ony ösdürmek boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýarlyk beýan edildi.Şu ýylyň fewral aýynda Halkara Zähmet Guramasynyň Baş müdiriniň kömekçisi, HZG-niň sebit boýunça müdiri Beata Andreasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň iş sapary bilen Türkmenistanda bolandygyny ýatladýarys. Onuň barşynda Türkmenistanda zähmet üpjünçiligini we hyzmatdaşlygy güýçlendirme meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň DIM-inde «Tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Maý aýynda bolsa HZG-niň wekilleri bilen duşuşykda bu saparyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek we gepleşikleriň ýaýrawyny has-da giňeltmek hem-de gatnaşyklary ulgamlaýyn esasda ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Helsinki şäherine amala aşyran sapary

Balkanabat şäherine täze häkim bellendi

Ata Watan Eserleri

Gazagystanda “Merkezi Aziýa-Germaniýa” sammiti geçiriler

Ata Watan Eserleri

Serhetde duşuşyk: Türkmenistan bilen Owganystan möhüm taslamalara badalga berer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişiler

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

Ata Watan Eserleri