Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň we 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogy saýlama tapgyrynyň çäginde Eýranyň milli ýygyndysynyň garşysyna boljak möhüm oýunlaryndan öň BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer.
Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň tälimçiler düzümi wajyp oýnuň öňüsyrasynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna hem-de resmi oýna gatnaşmak üçin futbolçylaryň 24-sini mälim etdiler.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Eýranyň ýygyndy topary bilen duşuşyklaryň ikisini geçirerler. Birinji duşuşyk 21-nji martda Tähranda, ikinjisi bolsa 26-njy martda Aşgabatda geçiriler.
Ýygyndy topar 24 futbolçyny özünde jemleýär:
Derwezebanlar:
Rasul Çaryýew («Arkadag» futbol kluby), Rüstem Ahallyýew («Ahal»), Batyr Babaýew («Altyn Asyr»).
Goragçylar:
Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Ybraýym Mämmedow (üçüsi-de «Arkadag» futbol klubundan), Ata Geldiýew, Hakmuhammet Bäşimow (ikisi-de «Ahal» toparyndan), Wepa Jumaýew («Witebsk», Belarus Respublikasy), Röwşen Halmämmedow, Şöhrat Söýünow (ikisi-de «Altyn Asyr» toparyndan).
Ýarymgoragçylar:
Arslanmyrat Amanow, Mirza Beknazarow, Şanazar Tirkişow (üçüsi-de «Arkadag» toparyndan), Teýmur Çaryýew («Abdyş-Ata», Gyrgyz Respublikasy), Selim Nurmyradow («Altyn Asyr»), Döwran Hojamämmedow, Ýazgylyç Gurbanow, Meýlis Diniýew (üçüsi-de «Ahal» toparyndan), Ruslan Mingazow («Kitçi», Gonkong).
Hüjümçiler:
Didar Durdyýew, Begmyrat Baýow, Altymyrat Annadurdyýew (üçüsi-de «Arkadag» futbol klubundan), Alibek Abdyrahmanow («Ahal» toparyndan).
Tälimçiler düzümi: Mergen Orazow (baş tälimçi), Mekan Muhammetmyradow, Welsähet Öwezow, Pawel Matus, Ildar Täşliýew.
