BILIM

Türkmenistan-Eýran: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri Eýran Yslam Respublikasynyň Gürgen Oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetinde saparda boldular. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Saparyň barşynda iki ýurduň degişli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň degişli bilim edaralarynyň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnamany durmuşa geçirmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň çäklerinde oba hojalygynda ýetilen sepgitlere bagyşlanan sergi guraldy. Şeýle hem türkmen wekiliýeti Gürgen şäherindäki innowasiýa merkezine aýlanyp gördi we ýerli häkimiýetiň wekilleri bilen duşuşdy. Türkmen wekiliýeti sebitiň oba hojalyk meýdanlary we ýyladyşhanalaryna baryp görüp, maglumat aldylar.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary