JEMGYÝET

Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta” ulag ulgamyny ösdürmegiň ýol kartasyna gol çekdi

Gazagystanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Aktau şäherinde “Demirgazyk-Günorta” ulag ugry boýunça söwda-eksport forumy geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Bu forumyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Eýranyň arasynda “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini gündogar şahasyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin ýol kartasyna gol çekdiler.

Bu resminamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2027-nji ýylda bu ulag geçelgesi arkaly ýükleri geçirmegiň kuwwatyny ýylda 15 million tonna ýetirmek, 2030-njy ýylda bolsa, 20 million tonna ýetirmek göz öňünde tutulýar.

“Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesi Pars aýlagynyň portlaryna baryp ýetip, bu ýerden hem geljekde Hindistana çykmak mümkinçiligini döredýär we geljekde bu ulag gçelgesine gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine goşant goşjakdygy ikuçsyzdyr.

Forumyň çäklerinde taraplar “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini gündogar şahasyny ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Munuň hindi ummanyna üstaşyr ýük geçirmek üçin iň gysga ýol bolup durýandygy bellenildi. Halkara ulag geçelgesini sinhronly ösdürmek üçin gol çekilen resminama hem muňa aýdyňlygy bilen şaýat bolup durýar.

Gazagystanda geçirilýän halkara foruma 12 döwletden – Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Owganystan, Russiýa, Belarus, BAE, Eýran, Yrak, Oman we Özbegistan ýaly ýurtlardan wekilçilikli toparlar, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy we Ýewraziýa ykdysady komissiýasyndan wekiller gatnaşdy.

Forum oňa gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda demirýol we awtomobil ýollary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze kazylar wezipä bellendi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň «2024 World Smart City Expo» atly akylly şäherleriň sergisine gatnaşýar

Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda 3 baýraga mynasyp boldy

Stokgolmda türkmen-şwed hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy