Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Visa» töleg tehnologiýasynyň forumy: Merkezi Aziýada we Türkmenistanda innowasiýalaryň hem-de sanly geçişiň 30 ýyly» atly halkara işewürlik forumy geçirildi.
«Dünýä tejribesine laýyklykda bank ulgamynda ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar», «Maliýe innowasion tehnologiýalarynyň puluň dolanyşygyna täsiri», «Merkezi Aziýa banklarynyň «Visa» halkara töleg ulgamy bilen utgaşygy», «Visa» kompaniýasynyň tejribesine laýyklykda töwekgelçilikleriň öňüni almak we dolandyrmak» ýaly mowzuklar boýunça geçirilen mejlisleri öz içine alan forumda sebit döwletleriniň arasynda degişli ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Bu forum «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Onuň barşynda Türkmenistanyň «Halkbank» we «Senagat» paýdarlar-täjirçilik banklaryna hyzmatdaşlyk üçin baýraklar berildi. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna bolsa «Visa International» kompaniýasy bilen 30 ýyl bäri hyzmatdaşlykda has tapawutlanandygy üçin baş baýrak gowşuryldy.
«Visa» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada işewürligi ösdürmek boýunça baş direktory Anton Borozdin türkmen metbugatynda beren beýanatynda: “Soňky ýyllarda türkmen kärdeşlerimiz bilen birnäçe taslamalaryň üstünde işledik, innowasion çözgütlere esaslanýan täze tehnologiýalary ornaşdyrdyk. Olardan töleg kartlaryny, wirtual kartlary mysal getirmek bolar. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen bilelikde kobrend karty hem ulanyşa girizildi. Ol türkmenistanlylara töleg işlerini diňe bir terminallaryň üsti bilen amala aşyrmaga däl-de, tranzaksiýalary, elektron hasaplaşyklary geçirmäge, internet dükanlaryndan söwda etmäge mümkinçilik döretdi” diýip belledi.
«Visa» töleg hyzmatlaryny amal edýän transmilli kompaniýa bolup, ol häzirki wagtda iň uly halkara töleg ulgamy hasaplanýar. Türkmenistan bilen kompaniýanyň hyzmatdaşlygy 1994-nji ýylda ýola goýuldy. Kompaniýanyň esasy hyzmatdaşy Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankydyr. Ol «Visa International» halkara töleg ulgamynyň hem agzasydyr.