DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny ösdürýär

Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäginde Türkiýe-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň başlygy jenap Haluk Ipek hem-de  toparyň agzalary bilen ikitaraplaýyn duşuşygy boldy.

Duşuşykda türkmen tarapy ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Parlamentiň düzümi hem-de dürli ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Permany bilen, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny nazara alyp, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagy bilen gutladylar. Türk tarapy döwlet sylagynyň gowşurylmagynyň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň netijesi bolup durýandygyny bellediler we hoşallygyny beýan etdiler.

Şeýle hem duşuşykda parlament diplomatiýasynyň ornuny berkitmegiň, parlamentara dostluk toparlarynyň işlerini mundan beýläk hem kämilleşdirmegiň ugurlary barada pikir alşyldy.

22-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistan-Türkiýe parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Daşary işler komitetiniň başlygy jenap Fuat Oktaý bilen duşuşygy boldy.

Duşuşykda ikitaraplaýyn parlament gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, kanunçykarjylyk işinde tejribe alyşmak barada pikir alşyldy. Şeýle hem şu ýylyň maý aýynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Türkiýäniň görnükli şahsyýeti, tanymal şahyry Ýunus Emräniň heýkeliniň dikeldilmegi bilen bagly türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirildi.

Wekiliýetiň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Pekin şäherine iş sapary

Putin: BRIKS-iň emeli intellekt boýunça alýansyny döretmegi teklip edýärin

2025-nji ýylda Belarusda prezident saýlawlary geçiriler

BRIKS sammiti başlady

Tatarystan BRIKS sammiti üçin taýýar

Moldowada prezident saýlawlary