DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky käbir ylalaşyklar tassyklandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda gol çekilen käbir halkara resminamalar tassyklandy.

Şol halkara resminamalaryň hatarynda Özbegistan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy hem-de Türkiýe Respublikasy bar.

Hususan-da, Türkiýe Respublikasy bilen 2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Aşgabatda şäherinde gol çekilen şu resminamalar:

  • Saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky ylalaşyk
  • Bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän orta mekdep babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky ähtnama tassyklanyldy.

Mälim bolşy ýaly, bu resminamalar Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň 2021-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilipdi.

Wise-premýer S.Berdimuhamedow Özbegistanda saparda bolar

Ýene-de okaň

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler

Gyrgyzystan ilkinji gezek milli puluny özbaşdak çap etdi