DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Russiýa 3 ýyllyk ykdysady hyzmatdaşlygyň maksatnamasyny taýýarlady

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerindäki söwda we maýa goýumlaryna goldaw bermek boýunça ýokary derejeli toparyň 8-nji mejlisi geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.A.Gurbanow, rus tarapyna bolsa Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary D.W.Wolwaç ýolbaşçylyk etdiler.

Taraplar söwda-ykdysady ugurda özara hereketleri ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň Maksatnamasynyň taslamasyna seretdiler.

Bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň işine seredildi. Senagat, energiýa, maliýe ulgamlarynda, şol sanda Türkmenistanyň we Russiýanyň maliýe düzgünleşdirijileriniň we täjirçilik banklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem-de beýleki ulgamlarda özara söwdany we özara hereketleri kämilleşdirmegiň şertleri bilen bagly pikirler alşyldy.

Mejlisiň ahyrynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerindäki söwda we maýa goýumlaryna goldaw bermek boýunça ýokary derejeli toparyň 8-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

 

Iň meÅŸhur waksina…

 

 

 

Ýene-de okaň

Ses bermek dowam edýär

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler