BIZNES

Türkmenistan bilen Özbegistan awiagatnawlary dikeltmek isleýär

Habar berşimiz ýaly, paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Bu möhüm foruma Özbegistanyň wise-premýeri, maýa goýumlar we daşary söwda ministri Žamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Özbegistanyň wise-premýeri Hojaýew iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň soňky döwürde 4 esse artandygyny belläp, geçen ýyl 1 milliard dollara golaýlandygyny mälim etdi. Özbegistanyň ýolbaşçysy munuň örän gowy görkeziji bolup durýandygyny belläp, ýöne iki ýurduň mümkinçiliklerini doly açyp görkezmeýändigini aýtdy.

Onuň bellemegine görä, ýakyn wagtda özara söwda gatnaşyklaryna uly ösüşleri gazanyp boljakdygy aýdyldy. Öz gezeginde Özbegistanyň wise-premýeri Özbegistanyň Türkmenistandan dokma, aýna, himiýa senagatynyň önümlerini, dökün hem-de energiýa serişdelerini import etmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Häzirki wagtda Daşoguz — Şabat serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça işler işjeňleşdirilýär. Onuň ikinji tapgyrynda bolsa Farap — Olot serhetýaka söwda zolagyny döretmek boýunça özara garaýyşlary öwrenmek teklip edildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bolsa, senagat korporasiýasy ulgamyna ünsi çekip, iki ýurduň mümkinçilikleri we artykmaçlyklary göz öňünde tutulyp, bilelikdäki önümçilikleri döretmek mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

Şeýle hem hökümetara toparynyň mejlisinde 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň forumyny, bilelikdäki işewürler geňeşiniň 3-nji mejlisini, iki ýurduň senagat harytlarynyň sergisini guramak teklip edildi.

Şeýle hem tapgyrma-tapgyr awiagatnawlaryň täzeden dikeldilmeginiň zerurdygy bellenildi. Ulag-Logisitka hyzmatdaşlygy babatda multimodal ýük daşamalarynyň artdyrylmagy üçin oňaýly şertleri döretmek, Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň infrastrukturalaryndan netijeli peýdalanmak babatda pikir alşyldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 6 aýda 38.9 milliard kubmetr tebigy gaz öndürildi

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine täze ýolbaşçy bellendi

Azerbaýjan Türkmenistandan 155.3 million kubmetr tebigy gaz import etdi

Ýewropa maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Türkmenistana geler

Türkmenistan halkara maliýe guramalaryň goldawy bilen üç gäminiň gurluşygyna tender yglan etdi