JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Owganystan möhüm taslamalara badalga berdi

Şu gün Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda möhüm energetika, ulag-aragatnaşyk we infrastruktura taslamalaryna badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu ägirt uly ähmiýete eýe bolan taslamalara badalga bermek dabarasyna sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

Şeýle hem bu möhüm dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammed Hasan Ahund gatnaşdylar.

Badalga berlen taslamalar şeýle:

  • Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi gurluşygyna badalda berildi.
  • Mary welaýatynyň Şatlyk ýatagynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň gurluşygyna badalga berildi.
  • Serhetabat-Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna badalga berildi.
  • Turgundy demirýol bekedindäki gury portuň çäginde ammar toplumynyň hem-de ýükleri düşürmek we ýüklemek meýdançasynyň gurluşygyna badalga berildi.
  • Turgundy-Hyrat ugry boýunça demir ýoluň birinji bölegi bolan Turgundy-Sanobar ugrunyň gurluşygyna badalga berildi.
  • Serhetabat-Turgundy demirýolunyň ugrundaky 177 metrlik demirýbol köprüsi ulanmaga berildi. Şol köpri arkaly Türkmenistandan Owganystana ynsanperwer kömegi ugradyldy.
  • Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi taslamasynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde Serhetabat stansiýasyndan Hyrat welaýatyndaky Nur ul-Jihad podstansiýasyna Türkmenistanyň elektrik energiýasy iberilip başlandy.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy