Belarus bilen Türkmenistan 2027-nji ýyl üçin halkara awtomobil ýük daşamalaryny amala aşyrmak üçin rugsatnama blanklarynyň alyş-çalyş kwotasyny ylalaşdylar.
Minsk şäherinde halkara awtomobil gatnawy boýunça belarus-türkmen Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirildi.
Özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda, iki döwletiň çäginde halkara awtomobil daşamalaryny amala aşyrmaga kanunçylyga laýyklykda rugsat berlen we Ýewropa şertnamasynyň (ESTR) talaplaryna laýyk gelýän sanly gözegçilik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ulag serişdeleriniň sürüjileri tarapyndan sanly tahografyň çap edilen nusgalaryny ulanmak mümkinçiligi ylalaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar belarus gatnadyjylary tarapyndan Türkmenistanyň çägi boýunça halkara awtomobil daşamalaryny amala aşyrmakda dolandyryş amallaryny ýönekeýleşdirmegiň, şeýle hem sürüjileriň bu döwletiň çäginde bolup biljek möhletlerini uzaltmagyň görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar.
