DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Azerbaýjan arasynda optiki-süýümli ulgam dörediler

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Türkmentelekom» elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň we «Azertelekom» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň wekilleriniň arasynda wideomaslahat geçirildi. Onuň dowamynda pudaklaýyn türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onlaýn duşuşygynda Hazar deňziniň düýbi boýunça Türkmenistan — Azerbaýjan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmak hakyndaky taslamany durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.

Gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugruny öz içine alýan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenbaşy we Siýazan şäherleriniň baglanyşjakdygy hem-de Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda aragatnaşygyň telekommunikasion ugurlaryny kämilleşdirilmegi ugur edinýän hyzmatdaşlygy berkitjekdigi bellenildi.

Türkmen tarapy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň telekommunikasiýa ulgamy boýunça işjeň strategiýasyndan ugur alyp, bu taslamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly teklipleri taýýarlady. Ol ykdysady, tehniki we beýleki degişli ugurlar boýunça garamak hem-de ylalaşmak üçin hödürlenildi.

Şeýle hem taraplar telekommunikasiýa pudagyna maýa goýum serişdelerini çekmek meselelerine üns berdiler we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmagyň, ulanmagyň, hyzmat etmegiň we goramagyň şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisine taýýarlyk görýär

Türkmenistan wekiliýeti Parižde ÝUNESKO-nyň çärelerine gatnaşdy

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy