DÜNÝÄ

Türkmenistan Bakuda zähmet ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türki Döwletleriň Guramasynyň zähmet, ilaty iş bilen üpjünçilik we durmuş goraglylygy ministrleriniň ilkinji duşuşygy 2025-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirildi.

Duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministr Anar Alyýew, Türkiýe Respublikasynyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Wedat Yşykhan, Gyrgyz Respublikasynyň zähmet, durmuş goraglylygy we migrasiýa ministriniň birinji orunbasary Kamçibek Dosmatow, Gazagystan Respublikasynyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Wiktoriýa Şegaý; Özbegistan Respublikasynyň ilaty iş bilen üpjünçilik ministriniň orunbasary Sirojiddin Bobokulow, Wengriýanyň Milli ykdysadyýet ministrliginiň iş bilen üpjünçilik syýasaty boýunça döwlet Sekretary Şandor Çomba, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary Halbibi Täçjanowa, şeýle hem TDG-niň baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew gatnaşdylar.

TDG-niň baş sekretary öz çykyşynda guramanyň çäginde döwletleriniň arasynda zähmet, ilaty iş bilen üpjünçilik we durmuş goragy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň barha artýan ähmiýetini nygtady. Ol işçi güýjüniň hereketliligini ýokarlandyrmagy, durmuş goraglylygy ulgamlaryny berkitmegi we türki döwletlerinde iş bilen üpjünçilik hyzmatlarynda sanly çözgütleri öňe sürmegi maksat edinýän ýörite mehanizmleri döretmegiň wajyplygyny belledi.

Wekiliýet ýolbaşçylary bu platformanyň işe girizilmegini makulladylar we iň gowy tejribeleri paýlaşmagyň, hünär okuwyny we başarnyklary ösdürmegi ýokarlandyrmagyň, zähmet hereketliligini ilerletmegiň we üýtgeýän zähmet bazaryndaky kynçylyklary çözmek boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda, gatnaşyjylar jarnama kabul etdiler hem-de ministrleriniň 2-nji duşuşygyny2026-njy ýylda Türkiýede geçirmek babatda ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

ABŞ 75 döwletiň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny wagtlaýyn togtadýar

Täze Amerikan wiza çäklendirmesi öňki käbir ýurtlardaky gadagançylygy aradan aýyrýarmy?

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary

Germaniýa bilen Hindistan 27 ylalaşyk baglaşdy

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi