SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» meşhur ýol ugrunyň hyzmatyny gowulandyrmak maksady bilen, içerki ugurlaryň uçuş tertibinde geçirilen üýtgeşmeler barada habar berdi.

Aşgabat – Türkmenbaşy ugry boýunça T5-245 belgili goşmaça gündelik uçuş girizilýär. Uçuş wagty — 14:30, gonuş wagtda — 15:30. Şeýlelikde, 12-nji dekabra çenli bu ugur boýunça her gün üç uçuş (T5-241, T5-245 we T5-247) ýerine ýetirilýär.

Üýtgeşme T5-113 belgili Aşgabat – Daşoguz gatnawyna hem degişlidir. 12-nji dekabra çenli bu uçar her gün gatnar, 13-nji dekabrdan başlap bolsa uçuşlaryň sany hepdede dört gezek — duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri — ýerine ýetiriljek görnüşde üýtgediler.

Aşgabat – Mary, Aşgabat – Türkmenabat, Aşgabat – Balkanabat, Aşgabat – Kerki hem-de bu ugurlaryň yzyna gaýdýan uçuşlarynyň tertipleri öňküsi ýaly üýtgewsiz galýar.

Içerki gatnawlaryň ugruny şu linkden görüp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!