SPORT

Türkmenistan 3-nji altyn medalyny gazandy

Paýtagtymyz Aşgabatda dowam edýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň 2-nji gününde Wepa Awlýakulyýew altyn medal gazandy.

Dünýä çempionatynyň dowamynda gyzykly hem-de çekeleşikli tutluşyklar geçirilip, türkmen türgenleriniň üstünligi bilen jemlenýär.

Dünýäniň 53 döwletinden gelen köp sanly türgenleriň ençemesi ýaryşyň ikinji güni bäsleşmek mümkinçiligine eýe boldular.

60 kg agramda çykyş eden Wepa Awýlakulyýew gazagystanly garşydaşy Ýernur Suleýmanyny ýeňip, altyn medal gazandy.

Mälim bolşy ýaly, düýn türkmen türgenleri 2 altyn, 3 kümüş hem-de 3 bürünç medal gazanypdy.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi