BIZNES

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda «Liebherr» kompaniýasynyň hyzmat merkezini döretmek teklip edildi

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow german işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Ulag-aragatnaşyk pudagy boýunça Türkmenistanda üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryna gatnaşmaga Germaniýanyň işewürleri uly ähmiýet berýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hazar deňzindäki port desgalaryny german işewürliginiň bähbidine hem ulanmagyň mümkinçiliklerine garamaga taýýardygy bellenildi.

Hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda göteriji enjamlar üçin «Liebherr» kompaniýasynyň hyzmat merkezini döretmek teklip edildi. Munuň özi ýük göterijilere we enjamlara tehniki taýdan hyzmat etmek boýunça port hünärmenlerini taýýarlamakda möhümdir. Şeýle hem türkmen tarapy Türkmenistanyň demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyga gyzyklanmasyny beýan etdi. «Deutsche Bahn» kompaniýasynyň muňa gyzyklanma bildirýändigini nazara alyp, ýurdumyzyň bu meseläni ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy aýdyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary