SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenabat-Bişkek-Türkmenabat ugry boýunça ýük gatnawy

2022-nji ýylyň 6-njy fewralyndan “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hepdede iki uçuş ýygylygy bilen Türkmenabat-Bişkek-Türkmenabat ugry boýunça yzygiderli ýük gatnawyny amala aşyryp başlady. Bu barada “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Mundan başga-da, häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat-Frankfurt-Türkmenabat hepdede iki uçuş ýygylygy bilen, Türkmenabat-Pekin-Türkmenabat hepdede üç uçuş ýygylygy bilen, Türkmenabat-Stambul-Türkmenabat hepdede iki uçuş ýygylygy bilen, Türkmenabat-Almata-Türkmenabat hepdede bir uçuş ýygylygy bilen, Türkmenabat-Bangkok-Türkmenabat hepdede bir uçuş ýygylygy bilen ýük howa gatnawlary amala aşyrýar.

 

Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri :2022

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar