BILIM

Türkmen ýaşlaryna Koreýa Respublikasynda talyp haky mümkinçiligi döredilýär

Koreýa Respublikasy bilen ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek maksady bilen Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýewiň Songýungwan uniwersitetiniň prezidenti Ýu Ji Bom (Yoo Ji-Beom) bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda bu ýokary okuw mekdebi bilen ozaldan alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde, Türkmenistandan kabul edilýän talyplar üçin kwotalaryň artdyrylmagynyň hem-de talyp haklary tölenýän ýerleriň berilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şeýle hem, Songýungwan uniwersiteti bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak, hususan-da Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen gatnaşyklary ilerletmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Songýungwan uniwersitetiniň prezidenti Ýu Ji Bom öz gezeginde türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini bellemek bilen, anyk ylymlar boýunça ýokary okuw mekdebini göreldeli tamamlan türkmenistanly ýaşlara Songýungwan uniwersitetinde “STEM (Science, Technology, Engineering, Mathematics)” maksatnamasynyň çäginde talyp haky tölenilýän magistratura okuwlaryny hödürlemäge taýýardygyny nygtady.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýene bir ugry hökmünde Ilçi B.Durdyýew Songýungwan uniwersitetinde Türkmen dili sapaklaryň girizilmegine garamagy teklip etdi. Görnükli koreý ýokary okuw mekdebinde Türkmen dilini öwretmek boýunça sapaklaryň döredilmeginiň bu uniwersitetiň talyplarynyň köp ugurly bolmagyna hem-de bu ýerde berilýän bilimiň has giň we ýöriteleşdirilen görnüşe getirjekdigi barada Ilçi belläp geçdi.

Şeýle hem, gepleşikleriň barşynda Ilçi B.Durdyýew ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän daşary syýasy başlangyçlar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilmegi we Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler barada gürrüň berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda emeli aň boýunça bäsleşik geçiriler

Türkiýä daşary ýurtly talyplaryň sany 500 müňe ýetirer

Türkmen talyplary we okuwçylary halkara bäsleşiklerde jemi 1 müň 549 medal gazandy

Türkmenistanyň ilçisi Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Dünýäniň iň gowy türk uniwersitetleri

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri