BILIM

Türkmen ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak ençeme çäreleriň geçirilendigini belledi. Ýakynda ýokary derejede guralan Kuraş boýunça dünýä çempionatynda hem biziň türgenlerimiz şowly çykyş edip, gowy netijeleri gazandylar, baýrakly orunlara, köp sanly medallara mynasyp boldular.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylda bilimde, ylymda, sportda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda ýaş nesliň wekilleriniň uly üstünliklere eýe bolandygyny, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda, olimpiadalarda-da döwletimiziň tuguny belentde parladyp, uly ýeňişleri gazanandyklaryny kanagatlanma bilen belledi.

Ýurdumyzda ýaşlary goldamak, höweslendirmek, olaryň öz ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady.

Ýylyň ahyrynda ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler. Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemini jemläris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Maslahata we köpugurly sergä ata Watanymyzyň ösüşine, onuň at-abraýynyň has-da belende galmagyna mynasyp goşantlaryny goşýan ýaşlarymyz gatnaşarlar. Bu dabara ýurdumyzda geçirilen halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan daşary ýurtly türgenleri, tälimçileri hem-de beýleki ugurlar boýunça ýeňiş gazanan ýaşlary hem çagyrmak gerek. Geçiriljek maslahatda we sergide ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri, ylmy açyşlary öz beýanyny tapmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de dabaraly maslahatyň dowamynda ýaşlaryň alyp baran işlerine, gazanan netijelerine mynasyp baha beriljekdigini, olary sylaglamak bilen, geljekki uly üstünliklere ýol açyljakdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer N.Amannepesowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna guramaçylyk toparynda ýaşlarymyzy çeken zähmetine, gazanan üstünliklerine görä sylaglamak meselesine seretmek we degişli teklipleri taýýarlamak tabşyryldy. Şeýle-de bu dabaraly maslahaty hem-de sergini ýokary guramaçylyk derejesinde guramak boýunça degişli işleri geçirmek barada görkezme berildi.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlarynyň Astanadaky üstünligi

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýdan 12 medal bilen dolandylar

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar