DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti Ýaponiýadaky ykdysady we energetika maslahatyna gatnaşdy

Tokio şäherinde “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde döredilen ministrler derejesindäki ykdysady we energetika dialogynyň gibrid görnüşinde birinji duşuşygy geçirildi. Mejlise türkmen tarapyndan “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy, döwlet ministri M.Babaýew sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

Şeýle-de Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Nişimura Ýasutoşiniň alyp barmagynda geçirilen duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika we tebigy serişdeler ministrleri hem-de sebit ýurtlarynyň Ýaponiýadaky Ilçihanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmen tarapy howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça hökümet derejesinde alnyp barylýan syýasat we çäreler barada habar berdi. Şeýle hem “ýaşyl” energiýa çeşmelerine geçmek we zyýanly zyňyndylary azaltmak bilen bagly amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalar bilen tanyşdyryp, olary durmuşa geçirmekde ýapon tarapynyň tejribesini öwrenmäge we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Dialogyň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri