DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti Hatlon oblastyna baryp gördi

Täjigistanda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bu ýurduň Hatlon oblastyna baryp gördi.

Ýurduň resmi habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu oblastyň çäklerinde Türkmenistandan tarapyndan 540 orunlyk 8-nji orta mekdebiniň gurluşygy alnyp barylýar.

Hatlon oblastynyň Dusti etrabynyň ýaşaýjylary Türkmenistanyň wekiliýetini uly myhmansöýerlik bilen garşyladylar.

Bu sebitde gurulýan mekdep 2 gatdan ybarat bolup, okatmagyň häzirki zaman enjamlary we zerurlyklary bilen üpjün edilýär.

Hatlon oblastynda köp sanly türkmenler ýaşaýar. Oblastda 6 sany täjik-türkmen bilim edaralary hereket edýär. Bu sebitdäki türkmen maşgalalaryň çagalary bu bilim edaralarynda türkmen dilinde bilim alýarlar.

Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Täjigistanyň günorta böleginde ýerleşýän Hatlon oblastynyň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Dawlatali Saidiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi

Ählumumy saglygy goraýyş boýunça ýokary derejedäki Dialogyň açylyş dabarasy geçirildi

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy