BIZNES

Türkmen wekiliýeti «Halal EKSPO ─ 2023» sergisine gatnaşdy

2023-nji ýylyň 24-27-nji noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen «Halal EKSPO ─ 2023» sergisine Türkmenistandan wekilçilikli topar gatnaşdy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndan hem wekil bar.

Dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden   500-e golaý kompaniýa Stambul sergi merkezinde guralan ekspozisiýalarda öz halal önümlerini görkezdiler. Bu sergä her ýyl azyk önümçiligi, azyk tehnologiýasy, kosmetika, derman önümleri, dokma we dini önümleri öndürýän dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary  gatnaşýarlar.

Yslam hyzmatdaşlygy guramasynyň geçiren bu özboluşly sergisinde dünýäde halal önümçiligi eksport etmek boýunça öňden iş alyp barýan ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder