MEDENIÝET

Türkmen wekiliýeti ABU-nyň Baş sekretary Ahmed Nadim bilen duşuşdy

ABU-nyň Ähliumumy habarlar forumynyň ikinji gününiň çäklerinde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Kakaýew Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Ahmed Nadim bilen duşuşdy.

Foruma gatnaşýan türkmen wekiliýetiniň başlygy çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň we ABU-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ünsi çekdi. Şeýle hem, taraplar ýola goýlan köpçülikleýin habar beriş serişdeler pudagyndaky hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda media forumyny geçirmek başlangyjy barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem ABU-nyň Ähliumumy habarlar forumyna gatnaşýan türkmen wekilýetine ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary A.Kakaýew ABU-nyň habarlar bölüminiň müdiri hanym Debora Stil bilen duşuşdy.

Türkmen wekiliýetiniň başlygy ABU-nyň habarlar bölüminiň işine ýokary baha berdi we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň we ABU-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine ünsi çekdi. Şeýle hem, taraplar Asiavision-da (AVN) habarlaryň wideo paýlaşygyny artdyrmak üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ozal habar berlişi ýaly, Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň “Asiavision” ugrunda iň işjeň 10 agzasynyň arasynda Türkmenistan 7-nji ýeri eýeledi. Geljekde guramamyz bu ugurdaky işjeňlik taýdan ilkinji üçlige girmekçi diýip, A. Kakaýew aýtdy.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy