JEMGYÝET

Türkmen we Türk Liderleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň Liderleri mähirli salamlaşyp, Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi tüýs ýürekden gutladylar we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşler bu nurana baýramyň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygyny hem-de sahawatlylygy we belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny alamatlandyrýandygyny belläp, Gurban baýramynyň musulman jemgyýetinde mundan beýläk-de özara düşünişmek, parahatçylyk döredijilik we birek-biregi goldamak däplerini hem-de ýörelgelerini has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy doganlyk döwlet bolmak bilen, biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedir.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýandygyny, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň bolsa bu gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkiýe Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de bu ugurda gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmagyň we zerur bolan halatynda degişli goldawy bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň doganlyk gatnaşyklara ygrarlydyklaryny tassyklap, iki ýurduň we dostlukly halklaryň rowaçlygynyň bähbidine döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen ähli tagallalary etjekdiklerini nygtadylar.

Sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, koronawirus pandemiýasy bilen bagly meselä deglip geçildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligini pandemiýa garşy göreşde doly goldaýandygyny nygtap, anyk netijeleri gazanmak üçin ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň bu ugurda täze usullary işläp taýýarlamakda giň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz Rejep Taýyp Ärdogana döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigi we şahsy goşandy, şeýle hem ýurdumyza iberilen lukmançylyk we şahsy goranyş serişdeleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz muňa ýurtlarymyzyň arasyndaky mizemez dost-doganlygyň aýdyň nyşany hökmünde garaýarys.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan ýene-de birek-biregi Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar we berk jan saglyk, bagt hem-de üstünlikler, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Ýene-de okaň

Türk ministri: türkmen gazy 1,5 million hojalygyň zerurlyklaryny üpjün eder

Oraza aýy-2025 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Arkadag şäherinde 5G” tehnologiýasynyň işi ýola goýlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde “4G+” internet ulgamynyň işine ak pata berdi

Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze resminamasy kabul ediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri