SPORT

Türkmen türgeni Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynda bürünç medal gazandy

2024-nji ýylyň 8-13-nji sentýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilýän Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynda türkmenistanly türgenler ilkinji medallaryny gazandylar. Bu barada Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysynyň türgeni, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy Daýanç Omirow 81 kilogram agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy.

Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça ýygyndysynyň türgeni, Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň işgäri Silapberdi Nuryýew gazak göreşi boýunça 82 kilogram agram derejesinde başarnygyny görkezip, bürünç medalyň eýesi boldy.

Türkmenistanly türgenler Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynda sportuň alyş göreşi, gazak göreşi, koreş, kuraş, adaty ýaý atmak we toguzkumalak ýaly görnüşleri boýunça çykyş edýärler. Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde 29 türgen medallar ugrunda göreşýär.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi