BIZNES

Türkmen telekeçileri Stambuldaky halkara sergä gatnaşýar

Türkiýäniň Stambul şäherinde «F Istanbul» atly azyk önümleriniň halkara sergi-ýarmarkasy işe başlady. Oňa dünýäniň 100-e golaý döwletine wekilçilik edýän 1000-den gowrak önüm öndürijiler bilen birlikde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 14-si gatnaşýar.

Halkara sergi-ýarmarkasy bäş bölümden, ýagny azyk harytlary we içgiler bölümi, konditer önümleriniň, maňyzlaryň we gury iýmişleriň bölümi, köke we şokolad bölümi, azyk senagatynyň goşundylarynyň we gaplarynyň bölümi, söwda enjamlarynyň we dükanlaryň bezegi bölüminden ybaratdyr.

Abraýly halkara forumda milli önüm öndürijilerimizden «Täze Aý», «Arçalyk», «Misgär», «Altyn Ýunus», «Kindi», «Mekan», «Ak Gar», «Mähriban-Merw», «Parahat», «Tamada», «Elle», «Balam»,  «Balşeker», «Tükel» ýaly hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri gatnaşýar.

Forum türkmen telekeçilerine öndürýän harytlaryny dünýä bazarlaryna çykarmaga, daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmäge mümkinçilik berer.

Iri möçberli sergi 14-nji iýula çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar

Aziýa Ösüş Banky Türkmenstanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna goldaw berer