BILIM

Türkmen talyplary halkara bäsleşiklerde 265 medal gazandylar

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge ukyply ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmegi maksat edinýär. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine çykarylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär.

Ylym-bilim ulgamyndaky üstünlikler ýurdumyzyň talyplarynyň hem-de mekdep okuwçylarynyň gazanan üstünlikleri bilen utgaşýar.

2023-nji ýylda türkmen talyplary halkara derejede geçirilen ders bäsleşiklerinde 265 medal, şol sanda 58 altyn, 94 kümüş, 113 bürünç medal, toparlaýyn hasapda bolsa 4 altyn, 11 kümüş, 15 bürünç — jemi 30 medal gazanyp, birnäçe diplomlara mynasyp boldular.

Geçen ýylda mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 10 altyn, 15 kümüş, 58 bürünç medal, halkara internet olimpiadalarynda 81 altyn, 152 kümüş, 116 bürünç medal gazandylar, şeýle hem halkara internet olimpiadalarynda 14 müň 381 sany diploma mynasyp boldular.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary