BIZNES

Türkmen pomidorlarynyň 88 müň tonnadan gowragy eksport edildi

2022-nji ýylda Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleri daşary ýurt bazaryna 608 million dollarlyk haryt eksport etdiler. Bu görkezijide senagat harytlarynyň paýy 460 million dollara deň bolup, 75 göterime eýe boldy.

“orient.tm” neşiriniň habaryna görä, türkmen önüm öndürijileri tarapyndan polietilenden we polipropilenden öndürilen önümler has köp eskport edildi. Şeýle hem hususy pudak dokma önümleriň önümçiligi ýola goýlup, bu ugurda amala aşyrylýan eksportuň möçberi hem ýokarlanýar.

2022-nji ýylda oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiligi barada aýdylanda bolsa, daşary ýurt bazaryna türkmen pomidorlarynyň, beýleki bakja we däne önümleriniň, konditer önümleriniň we içgileriň eksportunyň möçberi 148 million dollara deň boldy.

Döwlet tarapyndan oba hojalyk öndürijilerine ýyladyşhanalar üçin ýeňillikli karzlaryň berilmeginiň hasabyna ýurduň dürli künjeginde pomidorlar we beýleki witaminli önümler öndürilýär.

Häzirki wagtda 850 gektara barabar döwrebap nusgada ýyladyşhanalar bar, 650 egktarda bolsa täze ýyladyşhanalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

2022-nji ýylda türkmen önüm öndürijileri pomidoryň “Marvelans”, “Profanes”, “Cherry”, “Merlis”, “Redons”, “Pink paradise” ýaly görnüşleriniň 88 müň tonnadan gowragyny daşary ýurt bazaryna iberdi.

Mundan başga-da, ýyladyşhana toplumlarynda hyýar we bulgar burçy ýaly önümçilikler hem ýola gýolup, 2023-nji ýylda hyýaryň 1585 tonna, bulgar burçunyň bolsa 1000 tonna golaý hasylyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi