BIZNES

Türkmen-özbek haryt dolanyşygy 940 million dollara barabar boldy

Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy geçirildi. Bu ýerde Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisi guraldy. Bu çäreler hoşniýetli goňşuçylyga daýanýan türkmen-özbek söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny, sebitleriň arasyndaky özara gatnaşyklary anyk mazmun bilen baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

TÜRKMEN-ÖZBEK YKDYSADY GATNAŞYKLARY SANLARDA:

  • Soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy iki esseden gowrak artdy.
  • Geçen ýyl iki döwletiň arasyndaky söwdanyň möçberi 1 milliard amerikan dollaryndan geçdi.
  • Şu ýylyň 10 aýyndaky görkeziji 940 million amerikan dollaryna ýetdi.
  • Iki goňşy döwlet ýakyn ýyllarda özara söwdanyň möçberini 2 milliard amerikan dollaryna çenli ýetirmegi meýilleşdirýär. Munuň üçin ýurtlarymyzda ähli mümkinçilikler bar.
  • Şu ýylyň tomsunda Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürildi» diýen at bilen geçirilen milli sergi özbek bazary üçin ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini açyp görkezen bolsa, şu gezek edil şeýle mümkinçilik özbek işewürleri üçin döredildi.
  • Goňşy döwlet bilen ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň çägindäki serhetýaka çäkde söwda zolagynyň düýbüniň tutulandygy ýadyňyzdadyr. Edil şeýle zolagy Lebap we Buhara welaýatlarynyň arasynda-da döretmek meýilleşdirilýär.
  • Bu gezekki sergide «UzAvtosanoat» paýdarlar jemgyýetine degişli tehnikalaryň uly toplumy görkezildi.
  • Daşkendiň traktor zawodynyň täze öndüren traktorlary-da döwrebap mümkinçilikleri we köp işleri başarýandygy bilen tapawutlanýar. Şu ýyl bu zawod Daşoguz welaýatyna has döwrebap, telematik mümkinçilikleri bolan traktorlaryň 20-den gowragyny ugratdy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Global Gaz Merkeziniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabat 2026-njy ýylda türkmen-hytaý söwda-ykdysady forumyny kabul etmäge taýýarlanýar

Gazagystan täze hasyldan 3,1 million tonna däne eksport etdi

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk söwdalary ýola goýlar

Türkmenistanyň banklarynda audit barlaglary geçiriler

Türkmenistan Stambulda “Halal Expo 2025” sergisine gatnaşdy