DÜNÝÄ

Türkmen-owgan serhedinde galla terminaly gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hat iberdi. Ol şu ýyl Gazagystanyň we Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini nygtady.

“Biziň doganlyk döwletlerimiz geçen onýyllyklaryň dowamynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-biregi goldamak ýörelgelerine daýanyp, köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Bu gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlygyň derejesine doly laýyk gelýär. Biz döwletara gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze sahypany açyp, gazak-türkmen hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Energetika, logistika, senagat ulgamlarynda hem-de oba hojalygynda bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berip biler” diýlip, gazak Lideriniň hatynda nygtalýar.

Gazagystanyň Prezidenti geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana bolan döwlet saparynyň barşynda gaz pudagynda geljegi uly taslamalary amala aşyrmak hem-de türkmen-owgan serhedinde galla terminalyny gurmak barada anyk ylalaşygyň gazanylandygyny belläp, ýokarda agzalan taslamalaryň üstünde içgin işlemek maksady bilen, Aşgabada Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýaryň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini ugradandygyny aýtdy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bu ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine, häzirki döwürdäki gazak-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesini tassyklajakdygyna ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa doganlyk türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 

Türkmen gazyny Gazagystana ibermek boýunça ylalaşyklar gazanyldy

Ýene-de okaň

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy