JEMGYÝET

Türkmen-owgan duşuşygy: energetika we ulag pudagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Şu gün, ýagny 30-njy awgustda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Owganystanyň wekiliýetiniň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Owgan wekiliýetine dag-magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hedaýatulla Badri ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Ministrlar Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary girdi.

Duşuşygyň barşynda ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Owganystany halkara taslamalary durmuşa geçirmek bilen ykdysady integrasiýa işine çekmek babatdaky işjeň ornunyň ähmiýeti bellenilip geçildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça energetika we ulag pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalar gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi