Wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-marokkan syýasy maslahatlaşmalar geçirildi.
Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, marokkan tarapyna bolsa Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlarda ýaşaýan marokkolylaryň işleri boýunça ministri Nasser Buritan ýolbaşçylyk etdi.
Maslahatlaşmanyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Afrika yklymynyň ýurtlary bilen işjeň gatnaşyklary giňeltmegiň derwaýyslygy baradaky tabşyrygyna laýyklykda, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň 2020-nji ýylyň mart aýynda Marokko Patyşalygyna amala aşyran saparynyň netijeliligi nygtaldy.
Taraplar agzalan saparyň çäklerinde gol çekilen ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ähmiýetini bellediler we daşary syýasy hyzmadaşlyk, ulag, bilim, ylym hem-de beýleki ulgamlar babatda goşmaça resminamalary işläp taýýarlamak üçin gepleşikleri işjeňleşdirmäge ylalaşdylar.
Ministrler iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesini kanagatlanma bilen bellediler, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň çygrynda özara hereketleriň netijeliligini nygtadylar. Şeýle hem sebit we global gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Maslahatlaşmanyň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde iki döwletiň gyzyklanmalary beýan edildi. Nebitgaz we himiýa pudaklary, dokma senagaty, senagatyň gaýtadan işleýän pudaklary, oba hojalygy we syýahatçylyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda atlandyryldy. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topary döretmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Taraplar agzalan işi ilerletmek maksady bilen, işewür toparlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda iki döwletiň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda duşuşyklary guramagyň zerurlygyny bellediler.
Şeýle-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Lukmançylyk we saglygy goraýyş ugry boýunça özara hereketleri giňeltmegiň hem-de tejribe alyşmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Gepleşigiň netijesi boýunça taraplar “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we marokkoly ekspatriatlar boýunça ministrliginiň arasynda 2022-2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna” gol çekdiler.