SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmen lukmanlary Germaniýada hünär kämilligini ýokarlandyrar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine baryp gördi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow merkeziň bölümlerinde bejergi alýan çagalara degişli lukmançylyk hyzmatlarynyň berlişi, aýratyn-da, dogabitdi ýürek kemisligi bolan hassa çagalary operasiýa taýýarlamak we operasiýadan soňky döwürde geçirilýän dikeldiş çäreleri boýunça alnyp barylýan işler hem-de merkeziň mümkinçilikleri barada hasabat berdi.

Ministr Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyçlary esasynda saglygy goraýyş babatda ýola goýlan türkmen-german hyzmatdaşlygyny dowam etmek maksady bilen, lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça lukmanlaryň 150-sini Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalaryna hünär kämilligini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin iş saparyna ugradylmagynyň hem-de häzirki döwürde dünýäde epidemiologik ýagdaýlaryň gowulaşýandygy sebäpli, bu döwletiň Tejribeli hünärmenler gullugy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bu hyzmatdaşlygy dowam etmegiň iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we ilatyň saglygyny goramakda oňyn netije berýändigini göz öňünde tutup, ministriň tekliplerini goldaýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynda adamlaryň saglygy, olaryň bagtyýar durmuşy baradaky aladanyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

N.Amannepesow “Arçman” şypahanasynda 400 orunlyk goşmaça binany gurmak üçin şypahananyň mümkinçilikleriniň ylmy taýdan öwrenilmegi babatda berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle-de Daşoguzda köpugurly hem-de onkologiýa hassahanalarynyň açylyp ulanmaga berilmegine taýýardygy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň şypahanalarynyň, dynç alyş merkezleriniň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň möwsüme taýýarlygy, Daşoguzda 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa hassahanalarynyň açylmaga doly taýýardygy bilen bagly maglumatlary, şeýle hem halkara lukmançylyk hyzmatdaşlygy boýunça teklipleri Türkmenistanyň Prezidentine ýetirjekdigini aýtdy.

 

Bejergi alýan çagalar üçin 400 müň dollar berler

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy