BIZNES

Türkmen kompaniýasy ilkinji gezek Azerbaýjanda wekilhana açýar

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Azerbaýjan Respublikasynda resmi wekilhanasyny açýar. Bu barada Azerbaýjanyň “Report” habarlar gullugy habar berýär.

Habar berli’ina görä, bu ugurda degişli resminama Aşgabat şäherinde geçirilen «Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri: öza­ra ara­bag­la­ny­şyk we ösüş» at­ly hal­ka­ra mas­la­hatynyň çäklerinde gol çekildi.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatdaşy hökmünde Azerbaýjanyň “Caspian Logistics Solutions” kompaniýays çykyş edýär. bu kompaniýa Türkmenistanyň kompaniýasynyň Azerbaýjanda wekilhanasynyň hasaba alynmagy we iş alyp barmagy üçin ýakyndan ýardam berer.

Taraplaryň arasynda gol çekilen resminama diňe şunuň bilen çäklenmän, eýsem kompaniýanyň bähbitlerine we hyzmatlaryna wekilçilik etmek, ýük gatnawlaryny guramak we sebitde logistika çözgütleri işläp düzmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge-de gönükdirilendir.

“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2018-nji ýylda döredildi. Onuň esaslandyryjylary we paýdarlary Türkmenistanyň ulag kärhanalarydyr. Merkez dürli ulag görnüşleri bilen ýükleri daşamak, awtomobil, demirýol, howa we suw ulaglary arkaly multimodal ýük gatnawlaryny ýerine ýetirmek, konteýner gatnawlaryny guramak, şeýle hem ýükleri saklamak, ýüklemek we düşürmek, şeýle gümrük amallaryny resmileşdirmek ýaly işleri hem alyp barýar.

 

1 minutda 148 kokosy döwdi

Ýene-de okaň

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi