Tutuş ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden dabaralandyrylýan şanly sene — Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli giň möçberli çärelere beslendi.
Ýurdumyzyň baş şäherinde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХI mejlisi, “Gözellik nusgasy-türkmen halysy” atly halkara maslahaty, söwda toplumynyň sergisi guraldy.
Söwda-senagat edarasynda geçirilýän iki günlük sergä ýurdumyzyň Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpsanly wekilleri gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň tans we folklor toparlarynyň, aýdymçy-sazandalaryň belent ruha beslenen çykyşlary bu ýerde guralan çärä baýramçylyk ruhuny çaýdy.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Döwlet haryt-çig mal bižasynyň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikdäki tagallalary netijesinde guralan hem-de däp boýunça her ýyl geçirilýän sergide “Türkmenistanda öndürildi” nyşanly ýokary hilli harytlaryň köp görnüşleri görkezildi.
Serginiň birinji gününiň çäklerinde ýurdumyzyň Modeller öýleriniň guramagynda geçirilen “Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary” atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Onuň ýeňijileri bu ugur boýunça dünýä tejribesini milli ýörelgeler bilen utgaşdyryp, täze, göze gelüwli lybaslaryň gözden geçirilişini guradylar.
Lomaý hem-de bölek satuw bilen meşgullanýan pudaklaýyn düzümleri, söwda merkeleri, firmalar we kärhanalar, dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen hususy düzümler serginiň dowamynda öz önümlerini we hyzmatlaryny görkezdiler, özara gyzyklanma bildirilýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň ugurlary kesgitlenildi.
Amaly- haşam sungatynyň eserleri, dürli haly önümleri, milli matalar, ajaýyp nagyşlary bolan zenan lybaslary, zergärçilik we sowgatlyk önümler bu günki serginiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Munuň özi bu çärä özboluşly milli öwüşgin çaýdy.
Köpsanly sergä gatnaşyjylar zenan yhlasyndan dörän nusgawy keşdeleri, özboluşly nagyşlary, hala çitilen ajýayp suratlary, tebigatyň şekillerini, gobelen önümlerini uly höwes bilen synladylar. Aýratyn-da, häzirki zamanyň sanly ulgamy peýdalanylyp dokalan haly sergä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Onda türkmen tebigatynyň ajaýyp görnüşi ahaltek bedewleriniň şekilleri bilen sazlaşyp milli sungatyň çäksizdigini ýene bir ýola subut etdi.
Bu ýerde türkmen halyşynaslyk sungatynyň täzeden dikeldilen gadymy nusgalary görkezildi. Ýüňden we ýüpekden dokalan halylar häzirki döwürde ýurdumyzda gadymy sungatyň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda çeperçilik haly kärhanasynyň täze edara we önümçilik binalary açylyp ulanylmaga berildi. Häzirki döwürde halyçylyk kärhanalarynda ajaýyp halylar dokalýar. Şolar gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki döwürde hem kaşaň edara binalarynyň, medeniýet merkezleriniň, muzeýleriň baş bezeglerine öwrülýär.
Halyçylar döredijilik gözlegleri bilen gadymy halylaryň nusgalaryny dikeldýärler. Bu babada olar haly dokamagyň çylşyrymly we örän takyk usullaryny netijeli peýdalanýarlar. Geçen asyryň ortalarynda Altaý ülkesinde ýerleşýän depelerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde ýüze çykarylan we häzirki döwürde Sankt-Peterburg şäheriniň Döwlet ermitažynda saklanýan ajaýyp pazyryk halysynyň nusgasynyň taýýarlanandygyny bellemeli.
Häzirki döwürde iň gadymy haly hasaplanylýan we goýun ýüňünden taýýarlanan erişden dokalan bu halynyň biziň eýýamymyzdan ozalky
V-IV asyra degişlidigini taryh ylmy subut etdi. Ol özüniň dokalyş aýratynlygy, inçeligili, reňkleriniň sazlaşygy we milli gymmatlyklary öz içine alýandygy arkaly türkmen halylarynyň gadymy nusgasy hökmünle ykrar edildi.
HALYÇYLYK PUDAGYNA BAGYŞLANAN FORUM
Söwda-senagat edarasynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХI mejlisi hem-de “Gözellik nusgasy—türkmen halysy” atly halkara maslahaty geçirilip, onda türkmen halyçylyk sungatynyň taryhy, häzirki döwri we geljekki ösüş ýollary baradaky çykyşlar diňlenildi. Bu ýerde halkymyzyň halyçylyk sungatynyň binýadyny kemala getirýän durmuş pelsepesi, baý medeni-taryhy tejribesi açylyp görkezilýän beýleki ugurlar barada giňişleýin gürrüň edildi.
Forumyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynda el halylaryny dokamagyň ösüşiniň taryhyny öwrenmek, dünýä halklarynyň amaly-haşam sungatynyň özara baglanyşygy we olary baýlaşdyrmak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri öz içine alýan wideoaragatnaşyk arkaly çykyşlar guraldy.
Oňa Russiýanyň, Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň muzeýleriniň ýolbaşçylary, hünärmenleri, alymlar, sungat öwrenijiler, işewürler, amaly-haşam sungatynyň muşdaklary gatnaşdylar.
Türkmen halylary dünýäde ägirt uly çeperçilik gymmaty we nepisligi bilen hemişe ýokary baha mynasyp bolýar. Bu halylaryň gadymy nusgalary dünýäniň köp ýurtlarynyň muzeýleriniň, sergi zallarynyň, çeperçilik edaralarynyň, bahasyz gymmatlyklary hasaplanylýar. Dünýäniň halyşynaslaryny haýrana goýýan türkmen halylary dünýäde uly şöhrata eýe bolýar. Ol asyrlaryň we mýňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alan ajaýyp sungatyň häzirki döwürde hem abraýyny saklaýar.
Bu baýram mynasybetli tutuş ýurdumyzda dabaraly duşuşyklar, çeperçilik sergileri, ylmy maslahatlar, döredijilik bäsleşikleri, konsertler we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi. Şolar milli gymmatlygymyz bolan türkmen halyçylyk sungatyna bagyşlandy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Medeniýet ministrligi bilelikde guramagynda paýtagtymyzdaky “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde Diýarymyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsert pudagyň işgärleri, aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.
«Mir» teleýaýlymy Türkmenistanda habarçylar bölümini açmakçy