JEMGYÝET

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty başlady

Şu gün Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy iri halkara forumyň – BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Düýn bu iri halkara forumyň çäklerinde parlament forumy, raýat jemgyýetçiligi forumy hem-de ýaşlar forumy geçirildi.

Şu gün bolsa, ilki bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde halkara forum boýunça maslahat geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şeýle hem bu foruma Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy Filemon Ýang, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Adylbek Kasymaliýew, Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow, Gruziýanyň Hökümet Başlygy we beýleki ýokary derejeli wekiliýetler gatnaşdy.

Maslahatda Awazada geçirilýän forumyň ähmiýete bellenilip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasynda söwda-ykdysady we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary boýuça çykyşlar diňlenildi.

Bu iri foruma gtanaşmak üçin dünýäniň 100-den gowrak döwletinden dürli derejedäki wekiliýetler Türkmenistana geldiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Marko Rubio duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady