SPORT

Žoau Feliks “Al-Nasryň” futbolçysy boldy

Portugal futbolçy Žoau Feliks Angliýanyň “Çelsi” toparyndan Saud Arabystanynyň  “Al-Nasr” toparyna geçdi. Portugal ýyldyz Krsitiano Ronaldo bilen bilelikde çykyş etjek Feliks 2027-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy.

Saud Arabystanynyň Kristiano Ronaldonyň çykyş edýän kluby “Çelsiniň” ýarym goragçysyny düzümine goşandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy bilen 2027-nji ýyla çenli şertnama baglaşyldy.

Transferiň bahasynyň 30 million ýewro bolandygy we goşmaçalar hem-de täzeden satylanda paýyň hasaba alynmagy bilen 50 million ýewra çenli ýokarlanyp biljekdigi habar berildi.

Geçen möwsümiň ikinji ýarymynda Feliks “Milanyň” düzüminde kärendesine çykyş edipdi. 25 ýaşyndaky futbolçy “Barselona” toparynda-da gysga wagtlyk oýnapdy.

Ýene-de okaň

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankulyýew WBC Eurasia çempiony boldy

Messi 6-njy gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy