SPORT

Ronaldo “Al-Nasr” topary bilen täze şertnama baglaşmakçy

Kristiano Ronaldo şu wagt çykyş edýän Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” topary bilen täze şertnama baglaşmagy meýilleşdirýär. Ali Al-Harbi atly žurnalistiň habar bermegine görä, 38 ýaşyndaky hüjümçi Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen öňde boljak duşuşyklara gatnaşmaga gitmezden ozal, häzirki çykyş edýän toparynyň ýolbaşçy düzümine 2027-nji ýyla çenli toparda galmak isleýändigini beýan edipdir.

Ronaldo 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynda hem çykyş etmegi meýilleşdirýär. Ol bu çmepionata “Al-Nasr” toparynyň futbolçy hökmünde gatnaşyp, soňra bolsa futbol karýerasyny tamamlamagy maksat edinýär.

Žurnalist Al-Harbiniň bu maglumatyny dünýäniň öňdebaryjy neşirleri “COPE”, “Daily Mail”, “Diario de Noticias”, “Nabd” we beýleki hem çap etdiler.

Ronaldo bu möwsümde oňat görkezijiler görkezýär. Ol toparynyň düzüminde Saud Arabystanynyň çempionatynda 8 duşuşykda 10 gol geçirdi.

Şeýle hem “Al-Nasr” topary AFK-nyň Çempionlar ligasynda hem ýeňişli menziller bilen öňe barýar.

Ronaldonyň “Al-Nasr” topary bilen şertnamasynyň möhleti 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanýar. Ol bu saud toparynyň düzümine 2022-nji ýylyň dekabrynda goşulypdy. Ol şondan bäri bu toparyň düzüminde 31 gol geçirip, toparyň iň köp gol geçiren 6-njy futbolçysy boldy.

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy