DÜNÝÄ

Saud Arabystanynyň wekiliýeti Awaza geldi

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça geçiriljek BMG-niň üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Walid Bin Abdulkerim Al-Huraijiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi.

Belent mertebeli myhmanlar Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde resmi ýagdaýda hem-de türkmen myhmansöýerliginiň asylly däplerine laýyklykda mähirli garşylandy.

Dünýäniň iri ykdysady merkezleriniň biri bolan Saud Arabystanynyň bu maslahata ýokary derejede gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu gatnaşyk deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ulag-üstaşyr we maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmakda halkara maliýe institutlarynyň we iri maýadarlaryň ornunyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna uly itergi berer. Şeýle hem, bu sapar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Related posts

Eýran 32 döwlet üçin wiza düzgünini ýatyrýar

Toý bir minut dowam etdi

Interpol guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri