DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Russiýa parlament gatnaşyklaryny ösdürýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary K.Kosaçýowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda bu halkara maslahatyň hususan-da, onuň çäklerinde geçirilen parlament forumynyň ähmiýetine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň parlamentara gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda özara bähbitlilik, deňhukuklylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolan parlament dialogynyň yzygiderli ilerledilýändigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn orun berilýändigini bellediler we geljekde bu ugurda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar hem-de hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň Imperatoryna ynanç hatyny gowşurdy

Hindistan täze Prezidentini saýlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Eýran bilen gaz hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýar

Ata Watan Eserleri