JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Wengriýany möhüm we ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde garaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana Wengriýada geçiriljek baýramçylyk we sport dabaralaryna gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa sapar bilen gelmek baradaky çakylygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk hatyny iberdi.

“Men bu çakylygy ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň görkezijisi, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ilerletmäge berk syýasy erk-islegiň ýüze çykmasy hökmünde kabul edýärin.
Türkmenistan Ýewropa sebitinde Wengriýa möhüm we ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde garaýar. Häzirki tapgyrda döwletara gatnaşyklarymyzyň işjeň ösdürilýändigini hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny bellemek guwandyryjydyr.
Bu babatda Siziň şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistana amala aşyran saparyňyz ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza itergi berýän möhüm tapgyr boldy. Açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerde, şeýle hem Siziň bilen bolan duşuşygymyzda hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça pikir alşyldy. Saparyň netijeleri we gol çekilen ylalaşyklar gatnaşyklarymyzy has-da ösdürmäge berk binýat hökmünde hyzmat etdi.

Häzirki döwürde sport hereketiniň halklary ýakynlaşdyrmakda, halkara raýdaşlygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda ähmiýeti örän uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Budapeşt şäherinde Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede üstünlikli geçirmegiňizi arzuw edýärin. Goý, bu çempionat özüne çekijiligi we köp ajaýyp pursatlary bilen millionlarça janköýerleriň hakydasynda hemişelik galsyn!” diýlip, hatda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mümkinçilikden peýdalanyp, Wengriýanyň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli Premýer-ministr Wiktor Orbana we dostlukly ýurduň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi hem-de Wengriýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we döwlet işinde üstünlikleri, Wengriýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär