JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşdy we degişli düzümleriň işiniň netijeliliginiň artdyrylmagyna bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasyna geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdulyýew we Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri Ý.Işangulyýew şäheriň degişli düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde alnyp barylýan işleri, hassahananyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, dag eteginde ýerleşen şäheriň ekologiýa meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda şäheriň çäginde ekilen baglara we seýilgäh zolaklaryna degişli derejede idegiň ýola goýulmalydygyny, bu işleriň amatly howa gurşawynyň emele gelmeginde ähmiýetlidigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Köpugurly hassahananyň bölümlerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bu ýerde işleýän lukmanlaryň hünär derejesi, bilimleri hem-de olaryň daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça alyp barýan işleri bilen gyzyklandy.

Soňra lukman Arkadagymyz hassahananyň dikeldiş bölümine bardy. Bu ýerde işleýän lukman häzirki döwürde bu bölümde Balkan welaýatyndan gelen Gülsün Gölliýewanyň operasiýadan soňky bejergini alýandygyny habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gyzjagazyň operasiýadan soňky dikeldiş döwrüniň netijeli boljakdygyny belläp, munuň üçin ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäheriniň saglyk merkezlerinde ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy we gyzjagaza özüniň sowgadyny gowşurdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merkezde operasiýa geçirmäge taýýarlyk üçin niýetlenen otagda degişli lukmançylyk hyzmatlaryny alýan Öwezgurt Ýolamanowyň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Oglanjygyň ejesi ogluna operasiýa geçirmek üçin haýyr-sahawat gaznasyna ýüz tutandygyny we onuň haýyşynyň kanagatlandyrylyp, oglunyň operasiýa taýýarlanýandygyny gürrüň berdi. Bu ýerde işleýän lukman oglanjygyň häzirki ýagdaýy, operasiýa taýýarlygyň derejesi barada gürrüň berip, onuň kada laýyk dowam edýändigini aýtdy.

Soňra türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdulyýewiň we Arkadag şäher Saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri Ý.Işangulyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň “Saglyk” döwlet maksatnamasyna laýyklykda, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň ekologiýa derejesiniň, olaryň dermanlyk häsiýetleriniň ylmy esasda öwrenilmelidigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň saglygy goraýyş merkezleriniň lukmanlarynyň we bu ugur boýunça iş alyp barýan alymlarynyň degişli ylmy-seljeriş işlerini geçirmekleriniň, daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaklarynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň çäginde ýerleşýän Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi. Bu ýerde lukman Arkadagymyzy merkeziň ýolbaşçysy M.Öküzowa garşylady we häzirki döwürde alnyp barylýan işler, merkezde bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýlary barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merkezde bejergi alýan çagalar, olaryň alýan bejergileriniň netijeleri bilen gyzyklandy. Bu ýerde işleýän lukman bejergi alýan çagalaryň daýanç, hereket ediş agzalarynyň işini dikeltmek, olaryň doly derejeli hereketini ýola goýmak ugrunda döredilen mümkinçilikler we bölümde oturdylan enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bejergi alýan çagalar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň hal-ýagdaýlary, lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeleri bilen gyzyklandy. Çagalaryň ejeleri bu ýerde ähli amatlyklaryň döredilendigini, lukmanlaryň tagallasy bilen hereket agzalarynyň işiniň yzygiderli gowulanýandygyny gürrüň berip, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýüreginden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bölümiň nobatdaky otagynda bejergi alýan çagalaryň hal-ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri saglygyny dikeldýän çagalary atalyk mähri bilen gurşap, olaryň beden sazlaşygyny üpjün etmek üçin ýöriteleşdirilen maşklary etmäge ýardam berdi. Çagalar bu maşklary uly gyzyklanma bilen ýerine ýetirip, lukman Arkadagymyzyň öwredýän usullaryny çaga kalplary bilen özleşdirdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri merkeziň eýwanynda çeper döredijilik bilen meşgullanýan we surat çekýän çagalaryň arasyna baryp, olaryň ýerine ýetirýän işleri bilen gyzyklandy. Munuň özi lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagynda we çagalaryň tiz sagalmagynda ähmiýetlidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu çäreleriň köpugurly bolmalydygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär