Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýyldyzy Lionel Messiniň çykyş edýän ABŞ-nyň “Inter Maýami” topary özüniň Aziýa saparynyň çäklerinde birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdi. Şol duşuşyklaryň birinde ildeşimiz Ruslan Mingazowyň hem düzüminde oýnan Gonkongyň ýyldyzlarynyň topary boldy.

Bu duşuşykda ABŞ-nyň topary 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Lionel Messi şikesli bolandygy üçin meýdança çykmady.
Duşuşygyň çäklerinde Ruslan Mingazow dünýä ýyldyzy Lionel Messi bilen surata düşüp, ony özüniň jemgyýetçilik torunda paýlaşdy.
