DÜNÝÄ

Türkmen-eýran serhedinde täze awtomobil köprüsi açyldy

2020-nji ýylyň 8-nji iýunynda türkmen-eýran serhediniň çägindäki «Sarahs-Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy we dabaraly ýagdaýda geçirildi.

Bu ajaýyp çärä mynasybetli günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary wezipeli wekilleriniň wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri, şeýle-de Ahal welaýatynyň häkimi ýolbaşçylyk etdiler. Eýranyň wekiliýetine Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri, Horasan-e Razawi welaýatynyň häkimi ýolbaşçylyk etdiler.

Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy nukdaýnazaryndan täze awtomobil köprüsiniň açylmagynyň aýratyn ähmiýetini nygtamak bilen, taraplar söwda-ykdysady, ulag we beýleki möhüm ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurlygyny nygtadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar ulag ýollarynyň açylmagynyň häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýedigini, şunuň ýaly hereketleriň iki ýurduň degişli pudak edaralarynyň sazlaşykly işleriniň netijesi bolup durýandygyny belläp geçdiler.

Ýene-de okaň

Ses bermek dowam edýär

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler