DÜNÝÄ

Türkmen-eýran diplomatik gatnaşyklaryna 30 ýyl doldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Geçen döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklary özara hormat goýmak, düşünişmek, deňhukuklylyk hem-de açyklyk ýörelgeleri esasynda ösdürmek babatda möhüm işler alnyp baryldy diýip, milli Liderimiz gutlag hatynda belledi we hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmagyň zerurdygyny, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda bar bolan ähli mümkinçilikleri peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge hem-de giňeltmäge ygrarlydygyny nygtap, olaryň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Bilelikdäki tagallalaryň iki ýurduň ykdysadyýetleriniň pugtalandyrylmagynda we halklarymyzyň abadançylykda ýaşamaklarynda aýratyn orny bardyr.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, milli Liderimiz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

 

Şu gün-Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni

 

Ýene-de okaň

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

Ata Watan Eserleri