SPORT

Türkmen dzýudoçylaryň GDA oýunlaryndaky üstünligi

Şu günler Belarus Respublikasynyň birnäçe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň türgenleriniň gatnaşmagynda GDA-nyň II oýunlary dowam edýär. Türkmenistanyň milli türgenler toparynyň ilkinji medallary agyr atletika ugrundan geldi. Ýulduz Jumabaýewa hem-de Ali Babamuradow agyr atletika ugry boýunça kümüş medallaryň eýeleri boldular.

Türkmen türgenleri bu halkara ýaryşda medally orunlara eýe bolmagy dowam etdirýär. Ýaryşyň üçünji gününde Nasiba Narimanowa dzýudoda bürünç medalyň eýesi boldy. Ol 63 kilogram agrama çenli çykyş edip, baýrakly orny eýelemegi başardy.

Mälim bolşy ýaly, Nasiba Narimanowa Özbegistanda geçirilen Aziýanyň kubogynda kümüş medal gazanypdy.

Mundan başga-da, GDA-nyň oýunlarynda dzýudo sporty boýunça ýene-de 2 sany bürünç medal gazanyldy. Olary Behruz Bahridinow we Dilara Kandymowa eýelemegi başardy.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler