BILIM

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda halkara internet olimpiadasy geçiriler

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2024-nji ýylyň 29-njy martynda “Materiallaryň garşylygy” dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirer.

Olimpiada gatnaşmak üçin Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar.

III Açyk halkara internet olimpiadasy şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilýär. Olimpiadanyň maksady döredijilik ukyplaryny görkezýän, teoretiki bilimleri, amaly endikleri ýokarlandyrýan we gözleg işlerine gyzyklanmany ösdürýän zehinli ýaşlary kesgitlemek bolup durýar. Olimpiadanyň iş dilleri, türkmen, rus we iňlis dilleri. Olimpiada onlaýn görnüşinde geçiriler.

Doly maglumat Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň https://tdbgi.edu.tm web sahypasynda, Olimpiadalary we ders bäsleşikleri bölüminde ýerleşdirilýär.

Olimpiada gatnaşyjylary hasaba almak, institutyň https://tdbgi.edu.tm/Olimp.html web sahypasyndaky şol bir salgyda 2024-nji ýylyň 28-nji martyna çenli amala aşyrylýar.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary