TEHNOLOGIÝA

Türkmen dilinde Internet Sözlügi: Ilkinji synanşyk

Internetiň gündelik durmuşymyzyň her pursadynda diýen ýaly öz ornuny tapmagy internette ullanylýan adalgalaryň  düşündirilişini hem talap edýär. Bize mälim bolan maglumatlara görä, häzire çenli Türkmen dilinde internet düşündiriş  sözlügi ýok (iň azyndan internet ulgamynda). Şol sebäpli Türkmenistanyň Internet ulgamyna degişli kanunçulygynda berilýän düşündirişleri hasaba alyp käbir internet adalgalarynyň düşündirişini  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň okyjylaryna ýetirýäris. Bu düşündiriş sözlügi taýýarlan wagtymyz Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Kanununy we bu Kanun esasynda kabul edilen TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny we internet saýtlaryny bellige almagyň Tertibinden peýdalandyk.

Ahyrky enjam abonent liniýalaryna birikdirilýän we abonentler tarapyndan elektrik aragatnaşyk torunyň kanallary boýunça maglumatlary bermek ýa-da kabul etmek maksady bilen elektrik aragatnaşyk signallaryny döretmek üçin abonentleriň peýdalanmagynda durýan tehniki serişdeler
DNS domen atlary barada maglumat almak üçin ýerleşişi boýunça paýlanan (desentralizasiýalaşdyrylan) köpbasgançakly (iýerarhiki) kompýuter ulgamy. DNS, esasan, kompýuter ýa-da internet bilen bagly başga enjam boýunça IP salgysyny almak üçin ulanylýar;
DNS serweri tor salgylaryna (IP-salgylaryna) domen atlarynyň iberilmegini üpjün edýän programmalaýyn-enjam toplumy
Domen ady (domen) tor salgylanmasy üçin bellige alnan nyşan belgisi, onda DNS ulanylýar;
Domen ady baradaky maglumatlary ýöretmek domen adyna we onuň administratoryna degişli bolan maglumatlary maglumatlar goruna girizmek, üýtgetmek we aýyrmak boýunça Milli bellige alyjynyň hereketleri;
Domen adynyň bellige alnyş möhletiniň uzaldylmagy maglumatlar gorunda (reýestrde) bellige alnan domen adynyň möhletini uzaltmaklyk barada maglumatlary girizmegi
Domen adynyň bellige alnyşyny ýatyrmak maglumatlar gorunda (reýestrde) bellige alnan domen ady barada maglumatlaryň aýrylmagy we şol domen adynyň dolandyrylmagynyň bes edilmegi
Domen adynyň delegirlenmesi “delegate” iňlis dilinden terjime edilende ygtyýarlandyrmak, ygtybarlygy geçirmek bolup, domen ady we oňa degişli DNS serwerleri barada maglumatyň başga bir DNS serwerlerinde ýerleşdirlendigi barada maglumatlary maglumatlar goruna (reýestre) girizmek we saklamak, ýagny, domen adyny ulanmaga hukugy bir serwerden başga bir serwere geçirmegi;
Domen atlaryny bellige almak arzanyň esasynda domen atlary, olaryň administratorlary barada we gaýry gerekli maglumatlary maglumatlar goruna (reýestre) girizmegi
Domen atlaryny peýdalanyjy domen atlaryny bellige almak bilen bagly bolan hyzmata isleg bildirip arza bilen ýüz tutan ýa-da ulanýan fiziki we ýuridik şahs
Domeni dolandyrmak domeniň administratory tarapyndan şu Tertipde kesgitlenilen wezipeleri ýerine ýetirmegi
Domeniň administratory Peýdalanyjynyň adyna bellige alnan domeni dolandyrmak işini ýerine ýetirýän Peýdalanyjy tarapyndan bellenen jogapkär işgär
Elektron poçtanyň internet-hyzmatlary – Internet toruny peýdalanyja salgylary bermek we bu salga maglumatlary kabul etmek, şeýle hem Internet toruny peýdalanyjynyň iberen we onuň salgysyna gelen maglumatlary saklamak we ibermek boýunça hereketler ýa-da iş
Fişing Internet aldawçylygyň bir görnüşi bolup, onuň maksady, meşhur markalaryň, banklaryň we ş.m. adyndan köpçülikleýin elektron hatlary ýaýradyp, internet toruny Peýdalanyjylarynyň gizlin maglumatlaryny, login, parollaryny almagy
Hostingiň internet-hyzmatlary Internet torunda serwer giňişliginiň we programma üpjünçiliginiň böleklerini peýdalanyjylara (uzaklaşan kompýuterlere) bermek, şeýle hem web-serwerlerinde peýdalanylýan saýtyň iş ukyplylygyny saklamak
Ikinji derejeli milli domen ady ýokarky derejeli milli domeniň («.TM») adyny we öz adyny öz içine alýan domen; GOV.TM, EDU.TM, COM.TM we beýlekiler Türkmenistanyň ikinji derejeli milli domenleri bolup durýarlar
Internet resurs web-saýt, web-sahypa, web-portal, forum, blog, sms alyşmaklygyň usuly (çat), mobil gurluşlary üçin programmalar we beýleki internet toruna birikmekleri bolan resurslary;
Internet toruna birikdirmek hyzmatlary eýeçilik hukugynda ýa-da başga hukukda Internet toruny peýdalanyja degişli ahyrky enjamy Internet toruna birikdirmek boýunça hyzmatlar ýa-da işler
 Internet toruny peýdalanyjy maglumatlary kabul etmek ýa-da bermek maksady bilen Internet toruna birikdirilen ahyrky enjamdan peýdalanýan şahs
Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory Türkmenistanda Interneti peýdalanyjylaryň Internet toruna elýeterliligini üpjün etmek boýunça işi we (ýa-da) Internet tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen edilýän beýleki hyzmatlary amala aşyrýan fiziki ýa-da ýuridik şahs. Türkmenistanda Internet torunyň hyzmatlarynyň operatory hökmünde aragatnaşygyň operatory we (ýa-da) internet-prowaýder bolup biler
Internet tory internet-protokollarynyň toplumlaryny (InternetProtocol, IP) we maglumatlary (Transmission Control Protocol, TCP) bermek protokolyny peýdalanmaga esaslanan global salgy giňişligi arkaly dürli ýurtlaryň elektrik aragatnaşygynyň maglumat ulgamlaryny we toruny baglanyşdyrýan we kommunikasiýanyň dürli görnüşlerini durmuşa geçirmek, şol sanda adamlaryň çäklendirilmedik topary üçin maglumaty ýerleşdirmek mümkinçiligini berýän global maglumat-telekommunikasiýa tory
Internet-hyzmatlary Internet torunyň kanallary boýunça maglumatlary bermek ýa-da kabul etmek arkaly edilýän hyzmatlar;
Maglumatlar ony saklamak, işläp taýýarlamak we bermek mümkinçiligini üpjün edýän ýörite görnüşde berlen habar
Maglumatlar gory (reýestr) bellige alnan domen atlary, olaryň administratorlary barada maglumatlary we gaýry gerekli maglumatlary öz içine alýan Milli utgaşdyryjynyň maglumatlar saklanýan programma-tehniki serişdeleri
Maglumat-telekommunikasiýa tory maglumatyň ýygnalmagyny, işlenip taýýarlanylmagyny, saklanylmagyny, toplanylmagyny we ýaýradylmagyny üpjün edýän telekommunikasiýa aragatnaşyk we elektron-hasaplaýjy (kompýuter) tehniki serişdeleriniň toplumy (jemi);
Maglumaty kabul ediji Internet torunyň kanallary boýunça maglumatlaryň berilýän fiziki ýa-da ýuridik şahsy.
Milli bellige alyjy «.TM» ýokarky derejeli milli domende domen atlaryny bellige almagy amala aşyrýan, bellige alnan domen atlarynyň maglumatlar goruny ýöredýän we hostingiň internet-hyzmatlaryny edýän, Milli utgaşdyryjy tarapyndan bellenilen ýuridik şahs
Milli utgaşdyryjy Türkmenistanyň we dünýäniň internet toruny peýdalanyjylarynyň bähbitlerini goramak maksady bilen, ikinji derejeli milli domenleri dolandyrmak işini amala aşyrýan we maglumatlar gorunyň işjeňligini gurnaýan, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan bellenilen ýuridik şahs;
Programma-tehniki serişdeleri bir ýa-da birnäçe meňzeş tabşyryklary (işleri) ýerine ýetirmek üçin bilelikde işleýän tehniki we programmalaýyn serişdeleriniň ýygyndysy
Tor salgylary kompýuter torlarynda işleýän gurluşlary barabarlamak üçin belgileri (IPv4, IPv6 we ş.m.);
Üçünji derejeli domen üçünji derejeli domen – ikinji derejeli milli domeniň adyndan we öz adyndan ybarat bolan domen. Mysal üçin www.atavatan-turkmenistan.com.tm sahypasynda tm-birinji domen, com-ikinji domen, atavatan-turkmenistan bolsa üçünji domen
Web-sahypa ýazgyny, grafiki, ses we wideo faýllary, animasiýany özünde saklap bilýän, aýratyn salgy (URL) bilen üpjün edilen, web-saýtyň özbaşdak bölegi, Internet torunda aýratyn resminama
Web-saýt ähli goýlanlar, papkalar, salgylanmalar we tehniki bölüm bilen tematiki taýdan baglanyşykly web-sahypalar topary.
 Web-serwer Internet toruna birikdirilen kompýuter ýa-da tor serişdelerine elýeterliligi amala aşyrýan, müşderiçilik teklibine ýa-da kompýutere maglumat berýän programma. Web-serwer web-sahypalar görnüşinde guralan maglumaty saklaýar we Internet toruna berýär
WHOIS ulgamy (hyzmaty) iňlis dilinden terjime edilende “kim bu” diýmekligi aňladyp, domen atlarynyň kime degişlidigi baradaky maglumatlary aýdyňlaşdyrýar, ýagny bu awtomatlaşdyrylan ulgam bolup, internet peýdalanyjylaryna bu ulgama girizilýän domen atlary barada maglumatlara elýeterliligini üpjün edýär;
Wirus zyýanly programma üpjünçiligiň görnüşi. Wirus beýleki programmalaryň koduna, ýadyň sistemleýin bölegine, ýükleýji sektoryna ornaşyp, aragatnaşyk kanalyň üsti bilen köpelýärler. Onuň esasy maksady ýaýramak, köpelmek, kompýuterleri zäherläp gizlin maglumatlary almak, programma-tehniki serişdeleriniň işini bozmak, faýllary, operatiw ulgamlary bozmak bolup durýar
Ýokarky (birinji) derejeli milli domen Standartlaşdyrmak boýunça halkara guramasy (ISO 3166-2) tarapyndan tassyklanan, ady Türkmenistanyň kody bilen berlen domen. Türkmenistan üçin ýokarky derejeli milli domeniň «.TM» diýen belgisi bardyr we ol Türkmenistanyň emlägi bolup durýar. «.TM» domeni dolandyrmak Türkmenistanyň çäginden amala aşyrylýar

Ýene-de okaň

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy