SIZDEN GELENLER

Türkmen bedewiniň şanyna toý tutulýar

Bedewler — ilimizde belentden tutulýan toýlaryň bezegi. Behişdi bedewiň şanyna bahar paslynyň şu nurana günlerinde tutulýan toý-dabaralar oňa bolan söýginiň, buýsanjyň nyşanydyr.

Şu günler “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň bahar paslynda milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň şanyna toý tutulýar. Bu baýramçylyk mynasybetli dürli medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Olaryň hatarynda uzak aralyga atly ýörişi,  ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigini, dürli sergidir medeni çäreleri görkezmek bolar.

Halkymyz özüniň ahalteke bedewine bolan söýgüsini oňa “behişdi bedewler” diýmek bilen beýan edýär. Bu bedewler iki müň ýyl gowrak mundan ozal Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen çapyp, uly menzilleri öz içine alýan müňlerçe kilometrlik ýoly geçmek bilen, dünýäniň çar künjegine baryp ýetipdirler. Şunda olaryň ýyndamlygy bilen bir hatarda, çydamlygy hem ýüze çykypdyr.

Halkymyzyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna örän gymmatly goşandy bolan ahalteke atlarymyz bu gün toý-baýramlarymyzyň bezegi bolup durýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyk dabaralarynyň şatlygyny has-da artdyrýar.

2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan üstünlikleri ata Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýär. Bu toparyň çykyşlarynyň dünýä ýurtlarynda baýrakly orunlara mynasyp görülmegi buýsandyryjydyr.

Häzirki döwürde at üstündäki oýunlar hem sportuň pajarlap ösýän görnüşleriniň birine öwrüldi. «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň kabul edilmegi atçylyk sportuny ösdürmegiň mümkinçilikleriniň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrdy. Kanun atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitläp, Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilendir.

Türkmen topragynda köpeldilip, ösdürilip ýetişdirilýän behişdi bedewlerimiziň owadanlygyna, ýyndamlygyna dünýä haýran galypdyr. Türkmen topragynda kemala gelen ahalteke bedewi ynsanyň zähmeti we zehini bilen döredilen güýjüň, sagdynlygyň we gözelligiň nyşanydyr.

Serdar Täçliýew,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/taze-kitap-taryha-sohle-sacyar/

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty