BILIM

Türkiýede talyplara wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama almagyň tertibi

Türkiýede bilim alýan ýa-da indi bilim almak üçin Türkiýä gitmek isleýän talyplar üçin wajyp habar mälim edildi.  Türkiýe bilen ýakyndan gyzyklanýanlar türk dilinde “ikamet” diýilýän, ýagny Türkiýede wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama almak bilen baglanyşykly täze düzgün kabul edildi. Aslynda bu täze düzgün esasan hem talyplary gyzyklandyrýar.

Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň web saýtynda talyplaryň wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama almaga barada bildiriş çap edildi.

Onda hususan-da şeýle diýilýär:

2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda güýje giren ÝÖK, ýagny Türkiýäniň Ýokary bilim edarasy bilen Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň arasynda gol çekilen teswirnama laýyklykda, talyplar üçin wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama ýüz tutýan bakalawrdan öňki bilim, bakalawr, magistrlik we doktorantura bilim derejeleri boýunça talyplar talyp ikamet rugsatnamasyna ýüz tutandan soňra ikamet rugsatnama talyp hasaba alyş sowalnamasy bilen bilelikde zerur bolan resminamalary nobatyna garaşmazdan, hasaba duran uniwersitetiniň Halkara talyplar bölümine tabşyrmalydyr.

Türkiýäniň Ýokary bilim edarasy bilen Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň arasynda gol çekilen tewsirnama laýyklykda, halkara talyplaryň wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnama almagyna ýeňillik döredildi.

Talyp onlaýn hökmünde ikamet üçin sowalnamany doldurýar we şol ýerde zerur bolan resminamalary öz okaýan ýokary okuw mekdebine tabşyrýar. Ýokary okuw mekdebiniň talpylar bölümi bu ugurda Türkiýäniň degişli edaralar bilen zerur bolan işleri geçirýär.

Häzirki wagtda Türkiýede bilim alýan daşary ýurtly talyplaryň sany sonky 20 ýylda yzygiderli ýokarlanýar. 2023-2024-nji okuw ýylynda Türkiýede 198 döwletden talyp bilim alýar. Türkiýe Respublikasy dünýäde iň köp daşary ýurtly talyp kabul eden we bilim beren ýurtlaryň sanawynda birinji onluga girýär.

Mahabat:
“Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi”-niň salgysy:
Aksaray mahallesi, Koçibey sokak, Erler Apt No:34 D:7 Gat:4 Fatih/ Stambul
e-poçta salgysy : atavatantranslation@gmail.com
Telefon:
+90 532 401 71 52
+90 530 251 36 73
+90 212 633 40 00
Uniwersitetlere ýerleşmek üçin pasport, 3 ýyllyk baha we attestatyňyzyň terjimesi üçin
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz.
(  +993 63 78 96 73)

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary